- ysnyşyk
- Biri-birine bolan ýakynlyk, ýürekdeşlik, dostluk.∙ Şol ysnyşygyň özüniň beýik bir bagtdygyny ol bilýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem ysnyşyk - ysnyşygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.